Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Astrahanyň portlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

19:0325.08.2022
0
29497
Türkmenistan Astrahanyň portlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar
Surat: www.newscentralasia.net

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitinde saparda bolýar. Bu barada «Central Asia News» habar berýär.

Habarda bellenilişine görä, gepleşikleriň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Astrahanyň portlaryna parom gatnawlaryny ýola goýmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki wagtda Astrahan sebiti bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 200 million amerikan dollaryndan gowrakdyr. Bu görkeziji taraplaryň ulag ulgamynyň ähli ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmekleri bilen hem baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesine goşulmagy, şeýle-de Olýa we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda parom gatnaw ugrunyň ýola goýulmagy hyzmatdaşlykda täze ädimler bolar. Bu bolsa, öz gezeginde, Hazarýaka döwletleriň arasyndaky ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň