Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda ýurdumyzyň häzirki çempiony “Altyn asyr” paýtagt derbisinde 1:0 hasabynda “Aşgabady” ýeňip, bassyr üçünji ýeňşini gazandy.
Bu 7-nji tapgyryň esasy duşuşyklarynyň biridir. Geçen iki tapgyry garşydaşlar ýeňişli tamamlapdylar. “Altyn asyr” myhmançylykda HTTU-ny 0:2, öz meýdanynda “Balkany” 2:1 utsa, “Aşgabat” öz ýerinde “Daşoguzdan” 3:0, myhmançylykda “Energetikden” 1:2 hasabynda üstün çykypdy.
Oýundan öň ýaryş tablisasynda toparlaryň arasynda bary-ýogy 1 utuk tapawut bardy. “Altyn asyr” 11 utuk bilen 3-nji ýerde, 10 utukly “Aşgabat” bolsa 5-nji orunda barýardy.
Duşuşygyň ykbalyny ýeke-täk pökgi çözdi. Ony 18-nji minutda Süleýman Muhadow geçirdi. Bu hüjümçi geçen ýyl HTTU-nyň düzüminde AFK-nyň prezidentiniň Kubogynyň eýesi we yklymyň üçünji derejeli klub ýaryşynda iň netijeli hüjümçisi bolupdy. Ol şu möwsümden başlap “Altyn asyrda” çykyş edýär we eýýäm milli çempionatda 4 pökgi geçirmäge ýetişdi.
Şu ýeňişden soň, “Altyn asyr” 14 utuk bilen toplap, ýaryş tablisasynyň başyny çekýän Türkmenbaşynyň “Şagadamynyň” yzyndan ýetdi.
Indiki tapgyrda “Altyn asyr” “Daşoguzy”, “Şagadam” bolsa “Balkany” kabul eder.