Arhiw

Türkmenistanda Belarusuň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden ybarat topar saparda boldy

15:5218.04.2015
0
12003

16-17-nji aprelde Belarus Respublikasynyň bilim ministriniň orunbasary Wadim Boguşyň ýolbaşçylygynda Belarusuň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden ybarat topar türkmen paýtagtynda saparda boldy. Olar Türkmenistanyň Bilim ministrliginde kabul edildiler diýip “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda iki ýurduň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýän, Belarusuň ýokary okuw mekdepleriniň işi bilen tanyşdyrýan bilim sergisi guraldy. Oňa 18 sany ýokary okuw mekdebi gatnaşdy.

Sergide okuw mekdepleri bilen tanyşdyrýan dürli gollanmalar, görkezme esbaplary, wideogörnüşler we beýleki maglumat çeşmeleri görkezildi. Serginiň bölümleri ýokary okuw mekdepleriniň nyşanlary, türkmen-belarus bilim gatnaşyklarynyň ösüşini wasp edýän şygarlar bilen bezelipdir. Oňa ýurduň bilim işgärleri, orta mekdepleriň gutardyş synp okuwçylary we beýleki ýaşlar gatnaşdylar. Olar Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde bar bolan fakultetler, hünärler, okuwlaryň guralyşy, bilim ojaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady we beýleki gyzyklandyrýan meseleler boýunça maglumatlar bilen tanyş boldular.

Häzirki wagtda Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň müňlerçesi okaýar, olaryň belli bir bölegi hökümetara we pudagara ylalaşyklar boýunça bilim alýar. Sergide belarus bilim işgärleri ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň okaýyşlary, olar üçin döredilen şertler hakynda gürrüň berdiler. Bular dogrusyndaky makalalar ýerleşdirilen gazet-žurnallary hem görkezdiler. Olarda türkmen talyplaryndan düzülen sport toparlarynyň ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, türkmen talyplarynyň guramagynda milli baýramçylyklarynyň belarus topragynda bellenilişi ýaly dürli temalardaky makalalar ýerleşdirilipdir. Olaryň awtorlarynyň hem türkmen talyplarydyr.

Wekiliýetiň agzalary saparyň çäginde ýurduň ýokary okuw mekdepleri bilen hem tanyş boldular. Olarda ýörite duşuşyklar, maslahatlar guraldy. Şeýle-de, myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler diýlip gazetde bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň