Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça «Ýol kartasyny» taýýarlamak baradaky teklibini gaýtadan öňe sürer

10:2124.08.2022
0
10548
Türkmenistan wodorod energetikasy boýunça «Ýol kartasyny» taýýarlamak baradaky teklibini gaýtadan öňe sürer

Ýene birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisi öz işine başlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda çap edilen makalada bellenilşi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça ählumumy strategiýany işläp taýýarlamak baradaky, hususan-da, wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça halkara «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamak baradaky teklibini gaýtadan öňe sürer.

Şu maksatlar bilen, 2022-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýada geçjek Wodorod energetikasy boýunça ministrler derejesindäki duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistan bu teklipler boýunça geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň BMG-de agzalygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýän Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň işiniň esasy ugry ählumumy berk we uzakmöhletli parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekden we goramakdan ybarat bolar. Bu işde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, şeýle hem kömekçi edaralary bilen giň we köpugurly hyzmatdaşlyga daýanar. Türkmenistan şol kömekçi edaralaryň agzasy bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň