«ZooMarket» öý haýwanlary üçin harytlaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

10:0524.08.2022
0
20227

Aşgabatdaky «Azatlyk» bazarynyň golaýynda ýerleşýän №6 «ZooMarket» dükany öý haýwanlarynyň dürli görnüşlerini we olara ideg etmek üçin zerur bolan islendik harytlary satyn almaga çagyrýar.

Öý haýwanlarynyň dükany eýýäm 15 ýyl bäri alyjylara dürli hili janly-jandarlary hem-de olaryň iýmitlerini, ideg etmäge gerekli bolan harytlaryny ýetirip gelýär. Bu ýere akwariumda balyk saklamagy, itleri, pişikleri hem-de guşlary, şeýle-de ösümlikleri ýetişdirmegi halaýanlar tutuş maşgalasy bilen gelýärler.

Dükanda totyguşlaryň, amadinleriň, homýaklaryň, erkana ýüzýän balyklaryň dürli görnüşlerine hemişe gabat gelmek bolýar. Bu ýerde dünýä belli brendleriň öý haýwanlary üçin taýýarlaýan iýmitleri we aksessuarlary, islege görä haýwan geýimleri alyjylar köpçüligine ýetirilýär. Müşderileriň talaplaryna görä dükanyň haryt görnüşleriniň yzygiderli üsti ýetirilýär.

«Zoomarkete» öý haýwanlaryny getirip, olara indiwidual saýlaw esasynda zerur harydy saýlamak bolýar. Mundan başga-da, bu ýerden müşderiler özlerine gerekli görnüşde haýwanlaryň öýjagazlaryny, germewler üçin deri örtügini sargyt esasynda ýasadyp bilerler.

Haýwanlar dükanynda jandarlara dogry ideg etmek bilen baglylykda, tejribeli hünärmenlerden maslahat alyp, iň gerekli önümleri saýlap bolýar. Dükanyň maglumat-maslahat beriş burçy bolsa müşderilere weterinarlary hem-de haýwanlara ideg boýunça hünärmenleri salgy berýär. Eger siz heniz öý haýwanyny edinmedik bolsaňyz, bu ýerden islendik haýwany almak üçin maslahat alyp bilersiňiz.

Hemişelik müşderileriň bellemegine görä, «ZooMarket» dükany köpdürli harytlary we hyzmatlary, olaryň amatly bahalary bilen tapawutlanýan özboluşly dükandyr. Şunuň bilen birlikde, bu ýere gelýänleriň ünsüni dükana göwnejaý atmosfera berýän janly sesde ýerine ýetirilýän aýdymlar hem çekýär.

Isleg bildirýänler islendik harydy dükanyň şu görkezilen telefon belgilerine jaň edip sargyt edip bilerler: (+993 65) 81 72 24, (+993 65) 60 35 22. Dükanyň harytlarynyň birnäçesi bolsa «Gerekli», «Ynamdar» hem-de «Dostawka Bar» internet dükanlarynda hem ýerleşdirilendir.

«ZooMarket» dükany her gün sagat 09:00-dan 19:00-a çenli işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň