Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň ägirt uly taslamasy durmuşa geçirilip başlanar

11:1218.04.2015
0
6512

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 15-nji tapgyrynda döwrebap binalaryň we desgalaryň gurluşygy hakyndaky Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Paýtagtda maý aýynda 1472 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna girişiler. Olaryň hatarynda 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 18-si, dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si, şeýle hem üç gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si, mundan başga-da, iki gatly kottejleriň 208-si bar. Şunuň bilen bir hatarda 11 söwda merkezini, çagalar bagyny, 600 okuwça niýetlenen orta mekdebi, seýil bagyny gurmak, şeýle hem 13638 metr aralyga awtoýol çekiler. Bu desgalaryň köpüsiniň gurluşygy ýerli gurluşyk kompaniýalary tarapyndan ýerine ýetiriler.

Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň ägirt uly taslamasyny amala aşyrmak boýunça geçirilen bäsleşikleriň netijelerine görä, ministrlikler we edaralar tarapyndan taslamalary degişli Pudagara toparynda seredilen kompaniýalar saýlanylyp alyndy. Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda döwrebap binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak, şeýle hem awtomobil ýollaryny gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnama baglaşylar. Desgalary 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň