Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi jaýynda ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp edýän eserleriň sergisi guralar

09:0918.04.2015
0
7262

22-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda yglan edilen döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserleriň sergisi guralar. Bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry 24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda geçiriler.

Aprel aýynyň 25-inde Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda guraljak at çapyşygy mynasybetli paýtagtdaky hem-de welaýatlardaky çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň türkmen atlarynyň gözelligini beýan edýän şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guralar.

Baýramçylyk gününde — 26-njy aprelde Halkara ahalteke atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň gözelligini beýan etmek ugrunda guralan döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň eserleriniň, şeýle hem şekillendiriş, heýkeltaraşlyk, zergärçilik eserleriniň sergisi, şeýle hem belli estrada aýdymçylarynyň, bagşy-sazandalaryň, folklor-tans toparlarynyň türkmen bedewini wasp edýän çykyşlary guralar.

Şol gün welaýat merkezlerindäki atçylyk sport toplumlarynda hem konsertler geçiriler. Baýramçylyk mynasybetli sahna oýunlary, konsertler, ýörite tele we radio gepleşikler, dokumental filmler, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalar taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň