Türkmenistanda Türkmen bedewiniň baýramyny bellemäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär

08:4918.04.2015
0
3533

Türkmenistanda her ýylyň apreliniň soňky ýekşenbesinde giň gerimde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Baýramçylyk çärelerine dünýäniň 50 ýurdundan daşary ýurtly myhmanlaryň 500-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Aşgabatdaky dabaralaryň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisi, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VII halkara ylmy maslahat, ýöriteleşdirilen halkara sergi-ýarmarka guralar.

Baýramçylyk mynasybetli Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça uzak aralyga atly bäsleşik hem-de Halkara atçylyk-sport toplumynda bedewleriň päsgelçilikden bökmegi boýunça ýaryş, dürli aralyklara at çapyşyklary geçiriler. Şeýle hem ilkinji gezek Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda baýramçylyk at çapyşyklary guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň