Türkmenistanyň Teleradioýaýlymlar merkezinde mediaforum geçirildi

23:5522.08.2022
0
20883

Şu gün Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata we onuň çäklerinde guralan çärelere bagyşlanyp, «Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri» atly mediaforum geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Foruma ugurdaş düzümleriň, teleradioýaýlymlaryň, Döwlet habarlar agentliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly dünýä habarlar agentlikleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Mediaforum türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirildi. Onuň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetini açyp görkezmekden ybarat boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçen halkara maslahatda öňe süren täze başlangyçlarynyň ähmiýeti mediaforumda esasy garalan meseleleriň biri boldy.

Forumda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze halkara başlangyçlarynyň, hususan-da, BMG-niň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini yzygiderli goraýan hem-de bu işleri BMG-niň degişli düzümleriniň iş ulgamyna girizmek wezipesini öňde goýýan ýörite iş toparyny döretmek, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählumumy ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ornuny ýokarlandyrmak hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyny işläp taýýarlamak hakyndaky başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Utgaşykly görnüşde guralan mediaforuma daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da, «TASS», «TRT», «Anadolu Ajansi», «SNG+MIR/SNG+KITAÝ», «CGTN-Russian», «Rossiýa 24», Aziýa — Ýuwaş ummany teleradioýaýlymlar birleşiginiň (ABU), «AzTW», «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň, «Korean Broadcasting System» kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Bularyň ählisiniň Awazada geçirilen halkara maslahatyň işini beýan edendiklerini bellemek gerek.

Milli metbugat serişdeleriniň öňündäki ileri tutulýan wezipeler hem şu gezekki mediaforumda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň