Soňky habarlar

Arhiw

Welosipediň şosse görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

23:3422.08.2022
0
22248

Aşgabadyň şaýollarynyň birinde 2006 ― 2008-nji we 2009 ― 2013-nji ýyllar aralygynda doglan türgenleriň arasynda welosportuň şosse görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Ýaryşy Türkmenistanyň Welosiped sporty federasiýasy Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bile geçirdi.

2006 ― 2008-nji ýylda doglan oglanlaryň arasynda A.Ýusubow ýeňiji boldy. Bu ýaş derejesinde gyzlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa daşoguzly A.Döwletowa taý tapylmady.

Kiçi ýaş derejesinde bolsa oglanlaryň arasynda iň ýokary netijäni aşgabatly Ý.Rejepnurow gazandy. Gyzlaryň arasynda hem paýtagtly S.Abakumowa ýeňiji boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň