Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň döredilmeginiň 12 ýyllygy bellenilýär

07:1817.04.2015
0
3053

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň döredilmeginiň 12 ýyllygy bilen gutlady.

“Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen halkara hyzmatdaşlygyny barha ösdürmek, ýurdumyzyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, eziz Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda siz netijeli işleri alyp barýarsyňyz. Dünýäniň çar künjünden ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlary güneşli türkmen topragynda güler ýüz bilen garşy almakda, olara ýokary hilli, döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny etmekde siziň alyp barýan işleriňiz ýokary baha mynasypdyr. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde, dürli maksatlar bilen eziz Diýarymyza gelýän daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň yzygiderli artmagy Gullugyň iş gerimini has-da giňeldýär...

Siziň her biriňiziň öz öňüňizde durýan bu wezipeleri mundan beýläk-de uly abraý bilen ýerine ýetirjekdigiňize berk ynanýaryn” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň baýramçylyk Gutlagynda bellenilýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň