Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow «Kitçiniň» AFK-nyň Çempionlar ligasynda geçiren duşuşygyndan soň pikirlerini paýlaşdy

13:0322.08.2022
0
16208

Gonkongyň «Kitçi» futbol toparynyň türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda toparynyň Tailandyň «Bi Ji Pathum Ýunaýtedden» utulmagy bilen bagly pikirlerini paýlaşdy.

Ýaponiýanyň «Urawa Komaba» stadionynda geçirilen duşuşyk 4:0 hasabynda tamamlandy.

Esasy düzümde meýdana çykan Ruslan Mingazow 16-njy minutda şikes sebäpli oýundan çykdy. Ol jemgyýetçilik torlaryndaky hasabyndan özüne berlen goldaw sözleri üçin janköýerlere hoşallyk bildirdi:

«Ähli janköýerlere meni we toparymy goldandyklary üçin hoşallyk bildirýärin. Men yklym derejeli bu oýunda oýnamagy juda isledim. Ýöne duşuşygyň başynda şikes alyp, toparyma kömek edip bilmedim. Bu ― futbolda bolýan ýagdaý. Biz öýmüze dolandyk we liga taýýarlyk görüp başladyk».

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy «Kitçi» bilen şu ýylyň mart aýynda erkin oýunçy hökmünde şertnama baglaşdy. Ol «Kitçiden» ozal Gazagystanyň «Kaspiý» toparynda çykyş edipdi.

Ruslan Mingazowyň «Kitçisiniň» taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň