Soňky habarlar

Arhiw

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda welaýatlaryň durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy

06:1717.04.2015
0
3723

16-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda welaýatlaryň durmuş-ykdysady durmuşyna degişli ileri tutulýan wezipelere, obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýyna hem-de beýleki birnäçe wajyp meselelere garaldy.

Welaýat häkimleri welaýatlarda işleriň ýagdaýy, gowaça ekişiniň barşy, gurulýan desgalarda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdiler. Şeýle hem galla oragyna we Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler hakynda habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda bellenilen möhletde geçirmek boýunça netijeli çäreleri görmegiň möhümdigine häkimleriň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutany galla oragyna çenli az wagtyň galandygyny aýdyp, bu möwsüme  ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Milletiň Lideri galla orýan kombaýnlaryň, awtoulag serişdeleriniň, şeýle hem elewatorlaryň we ammarlaryň möwsüme doly taýýar bolmagyny talap etdi.

Döwlet Baştutany obalary özgertmek boýunça milli maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigine ünsi çekip, bu babatda görülýän çärelere toplumlaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy barada durup geçmek bilen, meýilleşdirilen dabaralara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň  örän haýal depginler bilen alnyp barylýandygyny aýdyp, häkime  nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutany degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň, ammarlaryň we elewatorlaryň möwsüme taýýarlanylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere garady. Döwlet Baştutany wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary D.Ataýewe berk käýinç yglan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti K.Atalyýewi zähmet dynç alşyna gitmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä Ý. Gurbanowy belledi. Gökdepe etrabynyň häkiminiň oba hojalyk işleri boýunça orunbasary wezipesine Ý. Gulmämmedow bellenildi. Ý.Gulmämmedowy bellemek hakynda Karara hem gol çekdi.

W.Meretamanow Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

A.Ýagşyýewi Atamyrat etrabynyň häkiminiň orunbasary, Ş.Hamraýewi Serdarabat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipelerine bellenildi.

Altyn sähra etrabynyň häkiminiň orunbasary B.Begliýewi özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä M.Gulamow bellenildi. Şeýle hem Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow A.Hojaýewi Altyn sähra etrabynyň häkiminiň orunbasary, M.Aýdogdyýewi Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary, B.Allanazarowy Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary, A.Arnamyradowy Tagtabazar etrabynyň häkiminiň orunbasary, A.Kerimowy bolsa Serhetabat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipelerine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat pudagynda öňde durýan  möhüm oba hojalyk çärelerini üstünlikli geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň ähmiýetini nygtap, agrotehniki çäreleri guramaçylykly geçirmäge gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Maslahatda şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň