Soňky habarlar

Arhiw

«Avva» dükanynda tomusky arzanladyşlar dowam edýär

10:1122.08.2022
0
15683

Aşgabatda ýerleşýän «Avva» döwrebap erkek egin-eşikleriniň dükany tomusky kolleksiýa üçin arzanladyşlaryň dowam edýändigini ýatladýar. Müşderiler dükandan tomus egin-eşiklerini 31-nji awgusta çenli 50% arzan bahadan satyn alyp bilerler.

Dükanda erkekler üçin niýetlenen nusgawy we smart-casual stildäki egin-eşikler alyjylara ýetirilýär. Olar dürli hili stil aýratynlygy we biçüwi, islendik beden ölçegleri babatda, şeýle-de pagtadan, ýüpekden we kaşemirden taýýarlanan materiallary boýunça tapawutlanýarlar.

Şunuň bilen birlikde, «Avva» dükanyndan harytlary başlangyç tölegsiz 6 aý garaşaryna satyn alyp bolýandygyny hem bellemek gerek. Mundan başga-da, dükanyň «Asman Shop» karty bilen söwda eden alyjylara söwdanyň möçberiniň 5%-i keşbek görnüşinde yzyna gaýtarylyp berilýär.

«Avva» dükany «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýär. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 64) 64 68 68. Dükanyň haryt görnüşleri bilen şeýle-de sosial media ulgamyndaky hasaby arkaly tanşyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň