Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlar ligasy - 2022: "Ahalyň" we "Altyn asyryň" ýaşlarynyň utuklary deňleşdi

23:5321.08.2022
0
11412

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň üçünji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde “Ahal II”, “Köpetdag” II” hem-de “Aşgabat II” toparlary degişlilikde “Energetigiň”, “Nebitçiniň” we “Merwiň” ýaşlar düzümlerinden üstün çykdylar.

Bu tapgyryň çäginde geçirilmeli “Şagadam II” bilen “Altyn Asyr II” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk soňa süýşürildi.

Şeýlelikde, 3-nji tapgyrda geçirilen duşuşyklardan soň “Altyn Asyr” toparynyň ýaşlar düzümi iki oýunda toplan 6 utugy bilen ýaryş tertibinde eýeleýän birinji ornuny saklap galdy. 3 oýunda 6 utukdan toplan “Ahal II”, “Aşgabat II” hem-de “Köpetdag II” toparlary degişlilikde ikinji, üçünji, dördünji orunlary eýeleýärler.

Ýurdumyzyň ýaşlar birinjiliginiň dördünji tapgyrynyň duşuşyklary 28-nji awgustda geçiriler – “Energetik II” – “Aşgabat II”, “Nebitçi II” – “Merw II”, “Ahal II” – “Şagadam II”, “Altyn Asyr II” – “Köpetdag II”.

3-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Köpetdag II” – “Nebitçi II” – 3:0
“Ahal II” – “Energetik II” – 9:0
“Merw II” – “Aşgabat II” – 0:2

Çempionatyň tablisasy III tapgyrdan soň:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “Altyn Asyr II” 2 2 0 0 9-1 6
2. “Ahal II” 3 2 0 1 15-4 6
3. “Aşgabat II” 3 2 0 1 5-3 6
4. “Köpetdag II” 3 2 0 1 5-2 6
5. “Şagadam II” 2 1 1 0 6-5 4
6. “Merw II” 3 1 0 2 2-4 3
7. “Nebitçi II” 3 0 1 2 5-12 1
8. “Energetik II” 3 0 0 3 1-17 0
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň