Soňky habarlar

Arhiw

Lukman bedene demir ýetmezçiligi bilen bagly maslahatlaryny berdi

10:4420.08.2022
0
10862

Aşgabat şäheriniň 12-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Esen Dadyýew «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda bedende ýüze çykýan demir ýetmezçiligi baradaky maslahatlaryny paýlaşdy. Bu barada makalada şeýle diýilýär:

Çaga üçin gündelik talap edilýän demriň mukdary ýaşyna bagly. Aýratyn hem, ähli beden ulgamlary kemala gelip başlan kiçi ýaşly çagalar, akyl we beden taýdan ösüş güýçli depgin bilen dowam edýän döwrüni geçirýän ýetginjekler bu madda bilen köp mukdarda üpjün edilmegine mätäç. Gartaşan adamlar işdäsiniň peselýändigi sebäpli onçakly köp iýip-içmeýärler. Üstesine, olaryň her birinde döremegi mümkin bolan aşgazan-içege keselleri demriň özleşmegini bökdeýär.

Demir bilen bedeni doly üpjün etmäge ýaramly önümleriň arasynda et, onda-da sygyr eti birinji orny eýeleýär. Gemoglobine baý bu önümde demriň özleşmegine itergi berýän maddalar, ylaýta-da, С witamini we foliý turşusy köpdür. Sitrus miweler, gök önümler, ter gök otlar, ir-iýmişler С witamininiň, ýaşyl ýaprakly gök önümler bolsa foliý turşusynyň egsilmez çeşmesi. Nahar iýlende, otlardan taýýarlanan işdäaçarlardan hem iýmek örän peýdalydyr.

Demir kalsiý bilen utgaşmaýar. Şonuň üçin greçka şülesini süýtde bişirmek maslahat berilmeýär. Greçkadaky demir we süýtdäki kalsiý biri-birine özleşmäge päsgel berýär. Iň gowusy, süýdi irden içip, suwda bişirilen greçkany günortan iýmekdir. Çaýyň, kofäniň, koka-kolanyň we şokoladyň hem demriň siňmegini kynlaşdyrýandygyny ýatda saklamaly.

Demir ýetmezçiligi hem-de onuň netijesinde döräp bilýän demir ýetmezçilikli ganazlyk başda açyk-aýdyň alamatlar bilen ýüze çykmaýar, ýöne şu aşakdaky käbir alamatlardan çen tutup, bu keseli güman edip bolýar:

— tagamy, ysy duýşuň ýoýulmagy demir ýetmezçiliginiň we demir ýetmezçilikli ganazlygyň iň köp duş gelýän alamatydyr. Syrkaw, adatça, iýip bolmaýan zatlary: heki, kagyzy, buz bölejigini, toýuny iýýär, ýakymsyz yslary, meselem, benziniň, boýagyň, mazudyň ysyny ysgamagy gowy görýär;

— ýadawlyk, ukusyzlyk, gowşaklyk, käte depressiýa ýüze çykýar, näme-de bolsa bir zatda ünsüňi jemlemek kynlaşýar;

— uky bozulýar, näsag kynlyk bilen uklaýar, gijäniň dowamynda birnäçe gezek oýanýar;

— kellagyry, başaýlanma ýaly alamatlar peýda bolýar, ýeňse sorkuldap agyrýar, boýun myşsalary gataýar;

— deri guraýar, agzyň burçlarynda jaýryklar emele gelýär, saç düşýär, dyrnaklar gatlaklanýar, ýukalýar, döwlegen bolýar;

— ynjalyksyz aýaklaryň sindromy ýüze çykýar. Köplenç, gijelerine aýaklar gurşan ýaly ýakymsyz duýgy döreýär. Syrkaw ýatyşyny üýtgedenden soň ynjalýar.

Bedende demriň özleşmeginiň bozulmagy haýsydyr bir näsazlyk (meselem, nerw bozulmalary, içki gan akmalar) bilen baglanyşykly bolanda, esasy keseli bejermek uly ähmiýete eýe bolup durýar. Demir ýetmezçilikli ganazlygyň döremegine bu madda baý azyk önümleriniň ýeterlik ulanylmazlygy sebäp bolan halatlarynda, lukman düzüminde demir saklaýan dermanlary belleýär, dogry iýmitlenmegi maslahat berýär. Syrkaw eýýäm 3-4 günden soň kuwwatlanýar, güýjüniň artandygyny duýýar, işdäsi açylýar, keýpi çaglanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň