Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheriniň futzal boýunça çempionaty başlandy

09:0916.04.2015
0
8288

14-nji aprelde Aşgabat şäher häkimliginiň sport desgasynda futzal boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty başlandy.  

Paýtagtyň açyk birinjiligine jemi 10 topar gatnaşyp, olar iki aýlawyň dowamynda ýeňiji topary mälim ederler.

Ýaryş barada aýtsak, ilkinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Ýaryşyň birinji oýnunda “Daşgala” “Daýançdan” 8:3 hasabynda üstün çykdy.

Aşgabat şäheriniň açyk birinjiliginiň birinji tapgyrynyň beýleki duşuşyklary şeýle tamamlandy:

“Migrasiýa” — “Gümrükçi” — 5:0.

“Deňizçi” — “Wepaly” — 0:2.

“Senagat” — “Daýhan” — 4:2.

“Talyp sporty” — “Bagtyýarlyk” — 4:1.

Indiki tapgyr 19-njy aprelde geçiriler. Şol gün “Daýhan” — “Talyp sporty”, “Wepaly” — “Senagat”, “Gümrükçi” — “Deňizçi”, “Daýanç” — “Bagtyýarlyk”, “Daşgala” — “Migrasiýa” duşuşyklary geçiriler.        

Duşuşykdan taýýarlanan fotoreportažymyzy sypdyrman!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň