Arhiw

Balkanda sintetiki serişdelerden önümleri öndürýän kärhana gurlar

17:0019.08.2022
0
8807

Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň amala aşyrylmagy welaýatyň çäginde bar bolan senagat pudaklarynyň ählisine iri maýa goýumlaryň çekilişini has-da tizleşdirer. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilşi ýaly, Balkan welaýatynda hususy taraplaryň gatnaşmagynda daşary döwletlerden getirilýän çig mallary we materiallary ýerli önümler bilen çalyşmak, ýerli magdan önümçilikleriniň gerimini giňeltmek, gury gurluşyk garyndylaryny, ýolgurluşyk üçin geogörnüşleri, külalçylyk we sintetiki serişdelerden önümleri öndürmek boýunça kärhanalar esaslandyrylar.

Häzirki wagtda welaýat Türkmenistanyň senagat önümçiliginiň görnüşleri boýunça 23,5 göterimini özünde jemleýär. Şeýle-de Hazaryň deňiz ýalpaklygynda geçirilen barlaglar bu ýerde uglewodorod çig malynyň 4,2 trln kub metre deň gorlarynyň bardygyny görkezdi diýlip, agzalan makalada aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň