Türkmen himiýaçylarynyň açyşlaryna 37 patent berildi

16:5819.08.2022
0
8536

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda soňky ýyllarda institutda 67 tema boýunça ylmy işler alnyp baryldy we olar boýunça 9 kitap neşir edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ýerine ýetirilen işler boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan 37 patent alyndy, 40 sany ylmy iş önümçilige ornaşdyryldy.

Hut şu ýylyň özünde institutyň alymlary tarapyndan Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan iki sany oýlap tapyşlaryň çäklendirilen patentleri alyndy we olary önümçilige ornaşdyrmak üçin degişli çäreler durmuşa geçirildi. Gyzylgaýanyň demirli magdanyny sement önümçiliginde ulanmak mümkinçiligini öwrenmek boýunça synag-tejribe işleri alnyp baryldy. Şeýlelikde, «Sement zawodyndaky çig mallara laýyklykda, Gyzylgaýanyň demirli magdanyny sement önümçiliginde ulanmak mümkinçiliklerini öwrenmek» diýen tema boýunça ýerine ýetirilen iş önümçilige ornaşdyryldy we Delilnama alyndy. Geçirilen senagat synag tejribesiniň netijelerine laýyklykda, tetragidrat nitrat kalsiý himiki serişdesiniň önümçiligini ýola goýmak teklip edildi. Häzirki wagtda ýyladyşhanalarda dökün hökmünde ulanylýan bu serişdäniň daşary ýurtlardan getirilýändigini göz öňünde tutsak, bu önümçiligiň ýurdumyz üçin zerurdygy has-da äşgär bolýar.

Deňiz suwuny süýjütmek boýunça hem senagat synag işleri geçirildi. Bu önümçiligiň ýola goýulmagy bilen Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän hem-de deňiz suwuny ulanýan kärhanalara täze mümkinçilikler açylar. Bu önümçiligi senagat derejesinde ýola goýmak barada «Türkmenhimiýa» Döwlet konsernine teklip taýýarlanyldy.

Täze innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, ýerli çig mallary ulanyp, içerki we daşarky bazarda uly isleg bildirilýän, bäsleşige ukyply önümleri öndürmek arkaly senagat pudaklaryny ösdürmek maksady bilen, Dokma senagaty ministrligi, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserni, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi bilen ylmy geňeşleriň işi ýola goýuldy. Bu ylmy geňeşler aýda azyndan bir gezek geçirilip, olarda hünärmenler degişli meseleler boýunça özara pikir alyşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň