Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Kubogy — 2014-iň finalçysy ýene-de Türkmenistanyň “Ahalyndan” asgyn geldi

02:2416.04.2015
0
4824

“Ahalyň” futbolçylary ýene-de haýran galdyrdylar: “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň jogap duşuşygynda myhmançylykda 2:3 hasabynda Yragyň “Erbilini” ýeňlişe sezewar etdi.

Bu toparlaryň Aşgabatda bolan duşuşygy hem 2:1 hasabynda “Ahalyň” peýdasyna tamamlanypdy. Şonda “Erbiliň”baş tälimçisi Aýub Odeşo Bagram öz şägirtleriniň Türkmenistanyň Kubogynyň eýesine kembaha garandyklaryny, jogap duşuşygynda ýeňiş gazanjakdyklaryny aýdypdy. Muňa garamazdan, “Erbil” ýene-de asgyn geldi. Indi yragyň iň güýçli toparlarynyň biriniň tälimçisi, megerem, “Ahaly” uzak wagtlap ýatdan çykarmasa gerek.

Duşuşygyň birinji ýarymy “Erbiliň” hüjümleri bilen başlandy. Şeýle-de bolsa, olara 41-nji minutda öňe saýlanmak başartdy — 1:0. Ýunus Mahmud tapawutlandy.

Ikinji ýarym başlanan badyna “Ahalyň” kapitany Zafar Babajanow hasaby deňledi — 1:1. 65-nji minutda oýnuň emini, iordaniýaly Adham Mohammad Tuman Mahadmeh türkmen toparynyň derwezesine 11 mertlik urgy belledi. Ony Ýunus Mahmud dürs ýerine ýetirip, duşuşykdaky ikinji pökgüsini geçirdi.

“Ahal” ruhdan düşmedi. Şeýle kyn pursatda 68-nji minutda meýdana giren Türkmenistanyň geçen ýylky çempionatynyň iň netijeli hüjümçisi Mämmedaly Garadanow özüni iň gowy tarapdan görkezmegi başardy. Ol 73-nji minutda we 75-nji minutlarda iki pökgi geçirip, “Ahala” ýeňiş getirdi.

Bassyr üçünji gezek ýeňlip, “Erbil” 3 utuk bilen “C” toparçasynda soňky orunda galdy. “Ahal” bolsa bassyr ikinji ýeňşini gazanyp, öňde barýan toparlara ýakynlady. Toparçada hersi 7 utuk toplan Täjigistanyň “Istikloly” bilen AFK-nyň Kubogynyň häzirki eýesi Kuweýtiň “Al-Kadsiýasy” öňde barýar. Bu iki toparyň arasynda Duşenbede geçen 4-nji tapgyryň duşuşygynda ýer eýeleri 2:0 hasabynda üstün çykdylar. Pökgüleri Nuriddin Dawranow (53-nji minut 11 metrlik urgudan) we Manuçehra Jalilow (63-nji minut) geçirdiler.

5-nji tapgyryň duşuşyklary 29-njy aprelde geçiriler. Şol gün “Ahal” “Al-Kadsiýany”, “Erbil” bolsa “Istikloly” kabul eder.         

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň