Soňky habarlar

Arhiw

Köp brendli «Artishok Home Concept» dükany ajaýyp gap-gaçlary we aşhana enjamlaryny alyjylara ýetirýär

12:1819.08.2022
0
15685

Dünýäde giň meşhurlyga eýe bolan dürli hili brendleriň gap-gaçlaryny alyjylara hödürleýän «Artishok Home Concept» dükany aşgabatlylara we paýtagtyň myhmanlaryna 15-den gowrak türk brendleriniň köpdürli görnüşli owadan gap-gaçlary bilen tanyşmagy teklip edýär.

Dükanda farfordan, faýansdan, keramikadan, aýnadan we dürli berk materiallardan ýasalan gaplar, şeýle-de aşhana üçin dokma hem-de beýleki enjamlaryň giň haryt görnüşleri bar.

«Artishok Home Concept» öz gezeginde baýramçylyk stollarynyň bezegi we gündelik nahar stoluna ajaýyp gelşik berjek stol görnüşlerini, stollaryň täsin gap-gaç toplumlaryny hem-de güldanlar, şemlikler, heýkeljikler we ş.m ýaly beýleki bezeg aksessuarlaryny özünde jemleýär.

Bu ýerde zähmet çekýän tejribeli hünärmenler, şol sanda dizaýnerler öýleriň interýerine we müşderiniň isleglerine kybap geljek dürli stildäki, şeýle-de reňkdar gap-gaçlary hem-de aksessuarlary saýlap almakda ýerlikli maslahatlary berýärler.

«Artishok Home Concept» dükany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 99-njy jaý.

Goşmaça maglumatlary almak üçin (+993 61) 38 62 28 telefon belgisine jaň edip ýa-da şu belgi boýunça dükanyň IMO we ICQ messenjerleri arkaly, şeýle-de sosial media hasabyna birigip habarlaşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň