Soňky habarlar

Arhiw

Kitaphanadan alan kitabyny 50 ýyldan soň gaýdyp berdi

12:1519.08.2022
0
5620
Kitaphanadan alan kitabyny 50 ýyldan soň gaýdyp berdi
Surat: rlst.org.by

ABŞ-nyň Ogaýo ştatyndaky Sinsinnati jemagat kitaphanasynyň işgärleri mundan 50 ýyl öň ogurlanan kitaby alandyklaryny habar berdiler diýip, UPI habarlar gullugyna esaslanyp, «Gazeta.ru» ýazýar.

Gürrüň mundan elli ýyl öň kitaphanadan ogurlanan Edgar Berrouzyň «Tarzanyň ekiztaýylary» diýen kitap barada barýar. Kitaby gaýdyp beren onuň ýany bilen ötünç hatyny hem ýollapdyr.

«Takmynan 1972-73-nji ýyllarda siziň kitaphanaňyzdan «alan» kitabymy gaýdyp berýärin, ol wagt men ýetginjekdim. Kitap oňat saklanandyr diýip, ynanýaryn» diýlip, hatda aýdylýar.

Kitaphanaçy Braýn Paurs işgärleriň köne nusga bilen gaznanyň üstüniň doldurylandygyna begenýändiklerini aýdýar.

«Bu kitap 1963-nji ýylda çykdy, ol 50 ýyl bäri biziň gaznamyzda ýetmeýärdi. Indi okyjylar bu ajaýyp fantastika eserinden lezzet alyp bilerler» diýip, ol nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň