Soňky habarlar

Arhiw

Bekdaşyň hek daşlarynyň binýadynda kalsinirlenen soda öndüriler

11:5019.08.2022
0
5881

Balkan welaýatynyň çäginde uglewodorod çig malynyň, mineral duzlaryň, gidromineral serişdeleriň, stronsiý magdanlarynyň, ýerasty läbik dag jynslarynyň, gaty kömürleriň, himiki jisimleriň we gurluşyk materiallarynyň birnäçe görnüşli uly gorlary jemlenendir. Häzirki wagtda çig mal gorlary toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň hasabyna ozal senagat akymlaryna akdyrylýan ýodly, bromly suwlaryň düzümindäki peýdaly komponentleri doly derejede peýdalanmagyň, dürli pudaklarda ulanylýan gaolid organiki önümleri öndürmegiň üstünde işlenilýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Mundan başga-da, sebitde Guwlymaýak ýatagynyň çökündi kölündäki nahar duzuny giňden işlemek, Bekdaşyň hek daşlarynyň binýadynda kalsinirlenen sodany öndürmek meselesi içgin öwrenilýär. Umuman, ykdysady dilde aýdanyňda, sebitiň eksporta niýetlenen köp sanly senagat desgalaryny tehniki taýdan esaslandyrmagyň, oýlanyşykly taslamalaşdyrmagyň, netijeli özleşdirmegiň netijesinde Türkmenistana dünýä bazaryna çykmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň