Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda 10 müň 200 gektar meýdanda şaly ýetişdirilýär

09:5619.08.2022
0
5246

Türkmenistanyň gündogar sebitinde 10 müň 200 gektar meýdana ekilen şalydan endigan gögeriş alyndy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Lebap welaýat häkimliginiň oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak müdirliginiň başlygy Çary ÝOLDAŞOW neşiriň habarçysyna beren interwýusynda şu ýyl Dänew, Çärjew we Saýat etraplarynyň hersinde 2 müň gektardan gowrak ýere tohumyň sepilendigini aýtdy. Halaç etrabyndaky şalyly atyzlar hem 2 müň gektara golaýlaberýär. Beýleki etraplarda bolsa, 50 gektardan 650 gektara çenli meýdana şaly ekilip, ähli ýerlerden endigan gögeriş alyndy. Şu ýyl sebitde şalynyň ýokary hasyl berýän «Daşoguz — 2» we «Bereketli» görnüşleriniň ekilendigini aýratyn nygtamak gerek.

Şunça meýdan üçin niýetlenilen 2040 tonna fosfor dökünleriniň ählisi häzire çenli berildi. Şeýle hem şalyçylar 3060 tonna karbamid dökünleri bilen üpjün edildi.

Şalyny dürli zyýan berijilerden we kesellerden goramak üçin, atyzlara «boliwar» himiki serişdesi sepilýär. Şu güne çenli şalyly atyzlaryň 6 müň gektaryna golaýyna şeýle serişde sepildi. Bu işde Darganata, Dänew, Halaç, Hojambaz we Kerki etraplarynyň şalyçylary kärdeşlerine görelde boldular. Aslynda, beýleki ideg işleri hem gyzgalaňly dowam edip, şalyly atyzlaryň 70 göterimine golaýyna ikinji ösüş suwy tutuldy.

Şalyçylar şu ýyl 47 müň 400 tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler. Şunça hasylyň dörtden üç bölegi Dänew, Çärjew we Saýat etraplarynyň şalyçylarynyň paýyna düşer. Maksat her gektardan ortaça 46 sentnerden hasyl almak.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň