Soňky habarlar

Arhiw

Bill Geýtse «Dogup gelýän Gün» ordeni gowşuryldy

10:5919.08.2022
0
5255
Bill Geýtse «Dogup gelýän Gün» ordeni gowşuryldy
Surat: pravilamag.ru

«Microsoft» kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts Ýaponiýanyň «Dogup gelýän Gün» ordeniniň birinji derejesi bilen sylaglandy, oňa baýragy Tokioda Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýesimasa Haýasi gowşurdy. Bu barada TASS ýurduň «Fudzi-TW» teleýaýlymyna esaslanyp habar berýär.

Amerikan işewürine döwlet sylagynyň berlendigi barada Ýaponiýanyň DIM-i 2020-nji ýylyň aprelinde yglan edipdi, emma ol wagt Geýts koronawirus pandemiýasy sebäpli baýragy almaga gidip bilmändi. Geýts ordene ösýän ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamlaryny berkitmekdäki hyzmatlary üçin mynasyp boldy diýlip, habarda bellenýär.

Sekiz derejeli «Dogup gelýän Gün» ordeni 1875-nji ýylda döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň