Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda 16 adam daşgynda heläk boldy

10:5419.08.2022
0
4963
Hytaýda 16 adam daşgynda heläk boldy
Surat: mir24.tv

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda 16 adam sil joşgunynda heläk boldy, ýene 36 adam dereksiz ýiten diýlip hasaplanýar. Häkimiýetler etraba eýýäm iki müňden gowrak halas edijini, lukmanlarydyr hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini, şeýle-de 160 sany ýörite ulag serişdelerini ýolladylar. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Öň güýçli çabgalaryň Owganystanda adam pidalaryna getiren suw joşgunlaryny döredendigi habar berlipdi, netijede, 31 adam pida boldy we 17 adam ejir çekdi, 100 adamyň ykbaly henizem nämälimligine galýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň