Balkan welaýatynyň ilatynyň 81,6 göterimi şäherlerde ýaşaýar

09:5019.08.2022
0
5188

Balkan welaýatynyň ilaty Türkmenistanyň umumy ilatynyň 8,4 göterimini tutýar. Ilatynyň gürlügi boýunça 1 inedördül kilometre 4,2 adamdan düşýär. Welaýatyň çäginde 6 etrap, 2 şäherdäki etrap, 10 şäher, 13 şäherçe, 33 geňeşlik, 113 oba ýerleşýär. Beýleki welaýatlardan tapawutlykda, sebitiň ilatynyň 81,6 göterimi şäherlerde ýaşaýar. Munuň özi gullukçylar synpynyň gor artykmaçlygyny döredýär. Işçi, kiçi hyzmat ulgamyna degişli zähmet gorlarynyň çäklidigini, şeýle-de bu ýerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, köp sanly senagat önümçilikleriniň, energetika, ulag-logistika desgalarynyň döredilýändigini nazara alsaň, ýurtda agdyklyk edýän zähmet gorlaryny beýleki sebitlerden giňden çekmäge ýol açýar diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň