Soňky habarlar

Arhiw

Italiýa suwda ýüzmek boýunça 35 medal gazandy

19:4818.08.2022
0
3253
Italiýa suwda ýüzmek boýunça 35 medal gazandy

11 — 17-nji awgust aralygynda Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde geçirilen suwda ýüzmek boýunça Ýewropa çempionatynda ýer eýeleriniň ýygyndysy iň köp medal gazanan topsr bolmagy başardy. Italiýaly türgenler ýaryşyň dowamynda 35 gezek hormat münberinden ýer almagy başardylar. Şolardan 13-si altyn, 13-si kümüş we 9-sy bürünç medallardyr. Umumy hasapda ikinji orna 15 medal toplan (5 altyn, 7 kümüş, 3 bürünç) Wengriýanyň ýygyndysy mynasyp boldy. Güýçli üçlügini Wengriýa bilen medallarynyň umumy sany deň bolan, ýöne altyn medallaryň azdygy sebäpli bir basgançak aşakdan ýer alan Beýik Britaniýanyň ýygyndy topary jemledi. Beýik Britaniýanyň türgenleri ýaryşda 4 altyn, 5 kümüş we 6 bürünç medal gazanmagy başardylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň