Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Azerbaýjana 31 million dollardan gowrak gaz iberdi

18:4318.08.2022
0
11667

2022-nji ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda Azerbaýjan umumy bahasy 31 million amerikan dollaryndan gowrak bolan 292 million 855,73 müň kub metr türkmen gazyny import etdi. Bu barada Azerbaýjanyň Hökümetine salgylanyp, «Interfaks» habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde degişli hasabat döwürde Azerbaýjana goňşy Eýrandan import edilen gazyň umumy möçberi 66 million 91,19 müň kub metre, umumy bahasy bolsa, takmynan 2,5 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr.

Çeşme 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri SWOP Şertnamasyna laýyklykda, Eýranyň Türkmenistandan Azerbaýjana iberilýän gazy üstünden geçirip başlandygyny belleýär. Ylalaşykda ýylda 1,5-2 milliard kub metre çenli türkmen gazynyň Azerbaýjana akdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Ýeri gelende, Eýranyň üsti bilen Türkmenistandan Azerbaýjana iberilýän türkmen gazynyň möçberiniň iýun aýynyň başynda Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikaýyl Jabbarow bilen Eýranyň nebit ministri Jawad Oudjiniň arasynda gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda ýakyn geljekde iki esse artjakdygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň