Soňky habarlar

Arhiw

Nepalda plastik güller gadagan ediler

17:2618.08.2022
0
3641
Nepalda plastik güller gadagan ediler
Surat: nazya.com

Nepalda daşky gurşawy hapalaýan plastik gül bezeglerine garşy göreş tutumy badalga aldy diýip, ýerli «Himalayan Times» neşiri habar berdi.

Iýulyň aýagynda Nepalda plastikden ýasalan önümlerdir emeli gülleri, bezeg çyralaryny we bägül çemenlerini ýurda getirmegi, öndürmegi, saklamagy we satmagy gadagan edýän kanun güýje girdi. Häkimiýetler ilata täze şertlere uýgunlaşmagy maslahat berdiler, sebäbi kanunyň ýerine ýetirilişine diňe häzir berk gözegçilik ediler.

Emeli güller Nepalda örän meşhurdyr. Olar tebigatda haýal dargaýan plastikden ýasalýar. Nepalda plastik güller plastik haltalara garanyňda, zibiliň uly möçberini tutýar.

Häkimiýetler bu kanunyň janly gülleri ýetişdirmek senagatyny tijendirmäge ýardam etjekdigine bil baglaýarlar. Bu, öz gezeginde, diňe bir baýramçylyklarda däl, eýsem, jemgyýetçilik binalarynyň, kafeleriňdir garbanyşhanalaryň we myhmanhanalaryň bezeginde emeli gülleri janly güller bilen çalyşmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň