Berluskoni Italiýanyň Premýer-ministri wezipesine dalaş etmekçi

15:1218.08.2022
0
3152
Berluskoni Italiýanyň Premýer-ministri wezipesine dalaş etmekçi
Surat: ria.ru

Moskwanyň Döwlet Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara barlaglary edarasynyň uly ylmy işgäri Ýelena Maslowa Silwio Berluskoniniň Italiýanyň Premýer-ministri wezipesini eýelemäge mümkinçiligine baha berdi.

«Berluskoni «Öňe, Italiýa!» partiýasynyň lideridir we ol sagçymerkezçileriň koalisiýasyna goşuldy. Bu koalisiýanyň ýazylmadyk ylalaşygy bar, oňa görä, parlament saýlawlarynda iň köp ses alan wekiliň Premýer-ministriň wezipesine dalaşgärlige mümkinçiligi ýokarydyr» diýip, bilermen «Izwestiýa» gazetine beren interwýusynda belledi.

Şonuň üçin eger «Öňe, Italiýa!» partiýasy has köp ses alsa, Berluskoni Hökümet başlygynyň wezipesine dalaş edip biler. Emma hünärmeniň pikiriçe, onuň gaýtadan saýlanmagy doly derejede mümkin däl, muňa italiýalylaryň oňa garaýşy hem täsir edip biler.

10-njy awgustda Berluskoni «Rai Radio» ýaýlymynda 25-nji sentýabrda geçjek Parlament saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny habar beripdi.

21-nji uýulda Italiýanyň Premýer-ministri Mario Dragi iş başyndan gidenden soňra ýurduň Prezidenti Serjo Mattarella 70 günlük möhletiň dowamynda Hökümetiň täze başlygynyň saýlawlaryny geçirmek üçin Parlamenti goýbermek barada resminama gol çekipdi. Italiýanyň Ministrler geňeşi parlament saýlawlaryny 25-nji sentýabra belledi.

Silwio Berluskoni öň dört möhletde Premýer-ministriň wezipesini eýeledi. Bu italýan syýasatynda rekorddyr. 85 ýaşly Berluskoni «Öňe, Italiýa!» partiýasyny döredijidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň