Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň makrogörkezijileri ýokarlanýar

15:4818.08.2022
0
3338

Türkmenistanda jemi öndürilen önüm geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň 7 aýynda 11,5 göterim artdy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurtda eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 39 göterim ýokarlandy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 167,9 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy.

Şu ýylyň 7 aýynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,4 milliard manada deň boldy. Milli ykdysadyýetimiziň häzirki ýagdaýyny häsiýetlendirýän bu makroykdysady görkeziji ýurdumyzyň gurujylyk kuwwatyndan habar berýär.

2022-nji ýylyň 7 aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 81,5 göteriminiň durmuş maksatlaryna gönükdirilmegi Türkmenistanyň ykdysady syýasatynda durmuş ulgamynyň ileri tutulýan ugur bolup durýandygynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi.

Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haklarynyň, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlanandygy hem guwandyryjydyr. Ilatyň pul girdejileriniň yzygider artmagy ykdysady ulgamyň binýadynyň berkdigini aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň