Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenfilm» Sankt-Peterburgdaky halkara maslahata gatnaşar

15:1318.08.2022
0
2480
«Türkmenfilm» Sankt-Peterburgdaky halkara maslahata gatnaşar

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekilleri 21 ― 25-nji awgst aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek halkara maslahata gatnaşar. Bu çäre «Lendok» studiýasynyň döredilmeginiň 90 ýyllygyna gabat gelýär.

Çäräniň dowamynda bilelikdäki önümçilige laýyk taslamalary saýlamak, täze zehinleri kesgitlemek, medeni gatnaşyklary goldamak we GDA ýurtlarynyň medeni we milli özboluşlylygyny goldamak boýunça bilelikde alnyp barylmaly işleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem döwrebap temalary surata düşürmek boýunça pikir alyşmalar bolar. Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda «Azerbaýjanfilm», «Belarusfilm», «Gruzinfilm», «Gazakfilm», «Gyrgyzyfilm», «Özbekfilm» birleşikleri, «Ermenifilm», «Täjikfilm» studiýasy hem bar.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjy birleşiklerdir studiýalaryň düşüren filmleriniň görkezilişi hem bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň