Portugaliýada ÝUNESKO-nyň sanawyndaky tebigy seýilgäh ýanýar

14:4318.08.2022
0
3074
Portugaliýada ÝUNESKO-nyň sanawyndaky tebigy seýilgäh ýanýar
Surat: belta.by

Portugaliýanyň merkezi böleginde — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Serra-da-Eştrela tebigy seýilgähinde uly ýangyn döredi. Bu barada düýn ýurduň «Diário de Notícias» neşiri habar berdi.

Ýangyna garşy 1 müň ýangyn söndüriji we ýörite tehnikalaryň 300 sanysy göreşýär. Ýangynyň üç sany işjeň ojagy bolup, olar söndürmekde kynçylyk döredýär.

Maglumatlara görä, ýangyndan 19 adam ejir çekdi, 45 öýüň ýaşaýjylaryny howpsuz etraplara göçürmeli boldy.

Ýerli polisiýanyň habaryna görä, ýangyna bikastlaýyn otlamak sebäp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň