Soňky habarlar

Arhiw

“Ýuwentus” gümürtik 11 mertlik urgudan “Monakony” ýeňýär

02:4415.04.2015
0
3146

14-nji aprelde, sişenbe güni Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň ilkinji duşuşygynda Turiniň “Ýuwentusy” öz meýdanynda fransuzlaryň “Monakosyny” 1:0 hasabynda ýeňdi.

“Monako” oýna güýçli depginde başlan hem bolsa, 20-nji minuta golaý ýer eýeleri oýny öz ellerine alyp ugradylar. Şeýle-de bolsa italýanlylara birinji ýarymda tapawutlanmak başartmady.

Duşuşygyň esasy wakasy 57-nji minutda bolup geçdi. Emin “Monakonyň” jerime meýdançasynda Karwalýo Morata garşy düzgüni bozdy diýen jedelliräk netijä geldi. Widal 11 mertlik urgyny dürs ýerine ýetirip “Ýuwentusy” öňe saýlady.

Aradan 6 minut geçensoň, Kandogbiýada hasaby deňlemäge mümkinçilik boldy. Ýöne onuň howply urgusynyň öňüne tejribeli Buffon böwet boldy. Fransuz toparynyň futbolçylary näçe jan etseler-de, olara hasaby deňlemek başartmady. Netijede duşuşyk 1:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Jogap duşuşygy 22-nji aprelde geçiriler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň