“Atletiko” we “Real” deň oýnadylar

02:4215.04.2015
0
2121

Duşuşyk “Realyň” hüjümleri bilen başlandy. Eýýäm 4-nji minutda goragçylaryň gowuşgansyzlygyndan peýdalanyp, Oblak bilen ýüzbe-ýüz galdy. Ýöne onuň derwezä depen pökgüsini derwezeçi egni bilen gaýtarmagy başardy. Soňra Hames, Modriç derwezä howp saldylar, ýöne sloweniýaly derwezeçini lapykeç edip bilmediler.

Diýego Simeone arakesmede “düşündiriş” işlerini geçensoň, ikinji ýarymda “Atletiko” özgerdi we has gowy oýnady. Şondan soň, “Reala” garşydaşyň derwezesiniň alkymynda amatly pursatlary döretmek başartmady diýen ýaly.

Umuman, ikinji ýarymda oýun deňeçerräk ýagdaýda geçdi we janköýeleriň sabyrsyzlyk bilrn garaşýan bu duşuşygy 0:0 hasabynda tamamlany.

Jogap duşuşygy 22-nji aprelde “Santýago Bernabeu” stadionynda geçiriler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň