Soňky habarlar

Arhiw

«Mähirli Zenan» kompaniýasy ýörite geýimleri we iş lybasyny tikmek hyzmatyny hödürleýär

15:5617.08.2022
0
8442

Iş lybasyny tikmek – «Mähirli Zenan» hususy kärhanasynyň iş ugurlarynyň biridir. Kärhana dürli hünärleriň wekilleri üçin ýörite geýimleri we iş lybaslaryny taýýarlaýar.

Buýrujynyň islegine görä, reňk öwüşginleri saýlanylýar, geýimiň biçüwi, bölekleri, şol sanda haryt nyşanynyň şekili ýa-da nagyşlar işlenilip taýýarlanylýar.

«Mähirli Zenan» kärhanasynyň önümleriniň hatarynda azyk önümçiligi we jemgyýetçilik iýmiti nokatlary üçin ýörite geýimler, lukmanlar, gurluşyk edaralary, şeýle hem beýleki hünärleriň wekilleri üçin geýimler we halatlar bar, adaty nusgalar hem göz öňünde tutulandyr. Emma kompaniýa hususy nusgadaky lybaslary hem taýýarlamaga we müşderiniň hödürleýän şekilleri ýa-da suraty esasynda ýörite lybaslary tikmäge hem taýýardyr.

Döwrebap enjamlardan peýdalanylmagy, şeýle-de guramaçylykly zähmet sargytlary ýokary derejede we kesgitlenen möhletde taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem «Mähirli Zenan» möwsümleýin ýörite geýimler we iş lybaslary boýunça sargytlary kabul edýär.

Kompaniýa birnäçe gezek öz önümlerini halkara sergilerinde we moda gözden geçirişlerinde köpçülige ýetirdi.

«Mähirli Zenanyň» önümleri bilen tanyşmak we ýörite geýim sargyt etmek üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, Garaşsyzlyk köç., 7-nji jaý, Älem.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefonlar: (+993 12) 48 06 08, (+993 61) 66 60 01, (+993 65) 81 42 40;
  • Sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň