«Iner Store» onlaýn-hyzmat platformasy türkmenistanly telekeçileri hyzmatdaşlyga çagyrýar

11:5617.08.2022
0
6982

«Iner Store» onlaýn-platformasy köpçülikleýin sarp edilýän önümçilige degişli bolmadyk harytlar pudagy boýunça türkmen öndürijilerini we dilerlerini hyzmatdaşlyga çagyrýar.

«Iner Store» türkmenistanly işewürler üçin öz önümlerini ýerlemekde we täze müşderileri çekmekde ajaýyp gural bolup hyzmat eder.

«Biz türkmenistanlylar üçin örän rahat we amatly söwda şertlerini döretmäge çalyşýarys. Şonuň üçin hem biziň toparymyz harytlaryň görnüşlerini artdyrmak ugrunda yzygiderli iş alyp barýar» – diýip, «Iner Store-iň» wekili belläp geçdi.

Onlaýn-hyzmat platformasynda harytlar 15 dereje boýunça hödürlenýär, olaryň hatarynda:

  • çagalar we ulular üçin egin-eşik we bezeg önümleri;
  • elektronika we hojalyk tehnikalary;
  • mobil telefonlar we goşmaça enjamlar;
  • öý we mellek üçin harytlar.

Şeýle hem okuw ýylynyň öňüsyrasynda «Mekdep bazary» bölümi has uly isleg bilen peýdalanylýar, onda okuwçylar üçin zerur bolan kanselýariýa harytlaryny tapyp bilersiňiz.

«Iner Store-iň» tutuş Türkmenistan boýunça eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýändigini ýatladýarys.

«Iner Store» mobil goşundysyny App Store we Play Market dükanlaryndan ýükläp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: Aşgabat, Oguzhan köç., 5/7;
  • Telefon (+993 65) 62 46 48;
  • E-mail: inerstore@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň