Minskde türkmenistanly talyplar üçin iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler, Toýçyýew V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, 2023-nji ýylda Türkmenistan hususy gury ýük daşaýan gämisiniň gurluşygyna girişmegi meýilleşdirýär

10:3017.08.2022
0
8523

1. 18-nji awgustda sagat 11:00-dan 13:00-a çenli Belarus döwlet uniwersitetiniň binýadynda Minskdäki ýokary okuw mekdeplerini 2020-2022-nji ýyllarda tamamlan Türkmenistanyň raýatlary üçin iş orunlarynyň mini-ýarmarkasy geçiriler.

2. Türkmenistan 2023-nji ýylyň başynda milli söwda flotuny kämilleşdirmek taslamasynyň çäklerinde hususy gämilerini döretmäge girişer. Häzirki wagtda karz-maliýe serişdelerini we maýa goýujy hyzmatdaşlary çekmek boýunça gepleşikler geçirilýär.

3. Russiýanyň ilçihanasynyň Konsullyk bölümi wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnamalary resmileşdirmek meseleleri boýunça resminamalaryň kabul edişligini gaýtadan ýola goýar. Raýatlar 2022-nji ýylyň 31-nji awgustyndan kabul edilip başlanar.

4. 2022-nji ýylyň 6 aýynyň dowamynda ilkinji gezek Azerbaýjan Türkmenistandan 36 müň 571 tonna we $41 731,96 müň dollarlyk AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi. Şu görkeziji boýunça Türkmenistan Azerbaýjan Respublikasyna AI-92 ýangyjyny eksport edijileriň hatarynda ikinji orna geçdi.

5. Aşgabatdaky BMG-niň binasynda Türkmneistanda ilkinji zenanlar hakatony geçirildi. Bu çäre Halkara ýaşlar güni mynasybetli geçirilip, ol IT ulgamynda bilim almak boýunça aýal-gyzlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirildi.

6. Türkmenistanyň işewür toparlaryna Izmirde geçirilýän «Terra Madre» ýarmarkasyna gatnaşmaga mümkinçilik döredildi. Çäre 2022-nji ýylyň 2-11-nji sentýabry aralygynda geçiriler. Ýarmarka gatnaşmak isleýänler (+993 12) 39 89 08 telefon belgisi boýunça TSTB-ne ýüz tutup bilerler.

7. Beýik Britaniýa COVID-19-yň täze omikron-ştammyna garşy waksinany resmi taýdan goldan ilkinji döwlet boldy. «Moderna» kompaniýasynyň sanjymy koronawirusyň iki ştammyna – adaty Uhan we «omikron» görnüşlerine garşy uýgunlaşandyr hem-de kämillik ýaşyna ýeten adamlara gaýtadan sanjym etmek üçin peýdalanylar.

8. On we ondan köp çagany dogran we ösdürip ýetişdiren rus aýallaryna «Gahryman ene» ady dakylar. Bu ada mynasyp bolanlara 1 mln rubl hem gowşurylar. «Gahryman ene» ady onunjy çaga bir ýaşyna ýetenden soň, ähli çagalarynyň diri bolmak şerti bilen dakylýar.

9. Türkmenistanly agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýew Türkiýede geçirilýän V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda 109 kilogramdan ýokary agram derejede üçünji orny eýeledi. Toýçyýew 409 kg netije görkezdi (184 kg – silterläp götermekde, 225 kg – itekläp götermekde). Türkmen türgeni silterläp götermekde kiçi kümüş medala, itekläp götermekde bürünç medala mynasyp boldy.

10. Türkmen dzýudoçylary Türkiýede geçirilýän V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üç sany bürünç medal gazanmagy başardylar. Türkmen toparyna bu baýraklary getirenler Hakberdi Jumaýew (60 kg çenli agram derejede), Hekim Agamämmedow (66 kg çenli agram derejede) we Zülhümar Daşkinowadyr (63 kg çenli agram derejede).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň