Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: 4-nji tapgyrdan soň ýaryş tertibindäki ýagdaý

09:4717.08.2022
0
6265

Ýokary ligada 4-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. Eýsem, yzda galan dört tapgyrdan soňra ýaryş tertibindäki ýagdaý nähili?

Diňe bir duşuşykda deňme-deň oýnap, üçüsinde ýeňiş gazanan «Ahal» 10 utuk bilen birinji orna geçdi. Toparyň 4-nji tapgyrda «Şagadamy» 1:0 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys.

Bassyr üç duşuşykda ýeňiş gazanyp, soňky ýyllaryň iň netijeli başlangyjyna gol çeken «Merw» bolsa ahyry utulyş bilen hem didarlaşmaly boldy. Balkanabatda ýerli «Nebitçiden» 2:3 hasabynda asgyn gelen Mary şäheriniň topary 9 utukda galdy. Bu utuk tapgyra birinji orunda giren topary ikinjilige düşürdi.

Öňdebaryjylaryň üçlügini 4-nji tapgyrda «Köpetdagy» 3:0 hasabynda ýeňen «Altyn asyr» jemleýär. «Aragatnaşykçylar» dört duşuşykda 8 utuk toplap bildiler.

Möwsümde ilkinji gezek ýeňlip, 7 utukda galan «Şagadam» ilkinji üçlükdäki ornuny ýitirdi. Başinji orunda bolsa 6 utukly «Köpetdag» bar. Her biri 3 utuk toplap bilen toparlardan «Nebitçi» altynjy, «Energetik» bolsa ýedinji orunda.

Ýaryş tertibini dört duşuşykda-da garşydaşlaryndan asgyn gelen «Aşgabat» jemleýär.

Ýokary ligada 5-nji tapgyryň duşuşyklary 21 ― 22-nji awgust günlerinde geçiriler. Olarda «Aşgabat» «Nebitçini», «Şagadam» «Energetigi», «Köpetdag» «Ahaly», «Merw» bolsa «Altyn asyry» kabul eder.

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

«Ahal» FK

4

3

1

0

17-1

10

2.

«Merw» FK

4

3

0

1

8-4

9

3.

«Altyn Asyr» FK

4

2

2

0

6-2

8

4.

«Şagadam» FK

4

2

1

1

4-3

7

5.

«Köpetdag» FK

4

2

0

2

5-7

6

6.

«Nebitçi» FK

4

1

0

3

5-13

3

7.

«Energetik» FK

4

1

0

3

2-11

3

8.

«Aşgabat» FK

4

0

0

4

3-7

0

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň