Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Altyn asyr» «Köpetdagy» uly hasap bilen ýeňdi

23:4516.08.2022
0
4767

Türkmenistanyň futbol boýunça häzirki çempiony «Altyn asyr» möwsümiň başyndan bäri ýeňilmezlik tapgyryny dört duşuşyga çykardy. Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri Büzmeýindäki Sport toplumynda «Köpetdagy» 3:0 hasabynda ýeňdiler.

Ählisi hem ikinji ýarymda geçirilen gollaryň perdesini 46-njy minutda Altymyrat Annadurdyýew açdy. Şeýlelikde, soňky ýyllaryň iň netijeli hüjümçisi TÝL ― 2022-de ilkinji gezek tapawutlandy.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň hüjümçisi Rahman Myratberdiýew 58-nji minutda «aragatnaşykçylaryň» ikinji goluny öz adyna ýazdyrdy. Üçünji pökgini bolsa 85-nji minutda Yhlas Toýjanow geçirdi.

Bu ýeňişden soň «Altyn asyr» utugyny 8-e çykaryp, üçünji orunda ýerleşdi. Ol lider «Ahaldan» 2, ikinji orundaky «Merwden» bolsa 1 utuk yzda barýar.

6 utukly «Köpetdag» ýaryşda bäşinji basgançaga düşdi.

«Altyn asyr» indiki tapgyrda «Merwiň» myhmany bolar. «Köpetdaga» bolsa ýene bir kyn synag garaşýar, topar «Ahalyň» myhmany bolar. TFF duşuşyklaryň ikisini hem 22-nji awgustda geçirmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň