Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: kyn gelen ýeňiş «Ahaly» ýaryş tertibiniň başyna çykardy

23:5716.08.2022
0
5173

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 4-nji tapgyryň merkezi duşuşygy Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda geçirildi. Onda çempionlygyň iki dalaşgäri ― «Ahal» bilen «Şagadam» özara güýç synanyşdylar.

Baş emin Babanazar Haknazarowyň sary kartlaryň 8-sini we bir gyzyl kart görkezen dartgynly duşuşygy 1:0 hasabynda «Ahalyň» ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 75-nji minutda Meýlis Diniýew geçirdi.

Maglumatlar duşuşygyň goşmaça wagtynyň has dartgynly bolandygyny görkezýär. Goşmaça wagtyň 5-nji minudynda emin «Ahaldan» Mirza Beknazarow bilen Abdy Bäşimowa, «Şagadamdan» Salim Umarowa sary duýduryş kartyny görkezmeli boldy. Ätiýaçlyk oturgyjyndaky Arslanmyrat Amanow bolsa («Ahal») gyzyl kart bilen meýdandan çykaryldy we toparynyň indiki duşuşygyna gatnaşmakdan mahrum boldy.

Her niçik hem bolsa, bu ýeňiş «Ahaly» ýaryş tertibiniň birinji basgançagyna çykardy. Toparda indi 10 utuk bar. «Ahal» möwsümde 10 utuklyk sepgide ilkinji bolup ýeten topar boldy. Dört duşuşykda 7 utuk toplap bilen «Şagadam» bolsa dördünji orunda galdy. «Şagadamyň» möwsümde ilkinji gezek ýeňlendigini hem aýtmak gerek.

«Ahal» 5-nji tapgyryň duşuşygyny hem Aşgabatda geçirer. Has takygy, topar indiki tapgyrda «Köpetdagyň» myhmany bolar. «Şagadam» bolsa möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazanan «Energetigi» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň