Soňky habarlar

Arhiw

Lebapdaky dört dokma kärhanasy şu ýyl 100 million manatlykdan gowrak önümi eksport etdi

17:4516.08.2022
0
2196

Lebap welaýatynyň çägindäki dokma fabrikleriniň 4-sinde şu ýylyň ýedi aýynda 197 million 267 müň 656 manatlyk nah ýüplük ýerleşdirildi. Şonuň 101 million 330 müň 297 manatlygy eksporta iberildi ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Önümleriň öndürilişi boýunça görkezijiler geçen ýyldakylardan has ýokarydyr. 2021-nji ýylyň bütin dowamynda welaýatdaky dokma fabriklerinde 12 müň 491 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürilipdi. Şu ýylyň geçen ýedi aýynda öndürilen nah ýüplügiň möçberi geçen ýyldakydan has köpdür. Has takyk aýdanymyzda, eýýäm üstümizdäki ýylyň ýedi aýynda 13 müň 124 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürildi. Şu ýylyň ýedi aýynda eksporta iberilen nah ýüplügiň möçberi 6183 tonnadan geçdi. Welaýatyň ykdysadyýetiniň ösüşlerine dokma senagatynyň kärhanalary uly goşant goşýar. Geçen ýyllarda dokma önümleriniň öndürilişi onlarça esse artdy.

Welaýatda dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri çykaryp bilýän dokma önümçiligi emele geldi. Döwrebap senagat kärhanalarynda işler kämil usullarda ýöredilýär, adamyň zähmet çekmegi üçin iň bir amatly, zyýansyz şertler bilen üpjün edilýär. Welaýatda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzümleriniň döredilip başlanmagy, ilki bilen, zähmet adamlarynyň iş öndürijiligine, olaryň ýaşaýyş-durmuşlaryna oňyn täsirini ýetirýär. Bu ösüşleriň esasy daýanjy döwrebap enjamlaşdyrylan, ösen tehnologiýalary özünde jemleýän iri kärhanalardyr. Önümlere dünýä bazarynda islegleriň ýokarydygyny nazarda tutanyňda, senagat kärhanalarynyň täze ykdysady şertlerde işlemegi başarýandyklaryny ykrar edýärsiň. Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük egriji, Türkmenabadyň pagta egriji we pamyk egriji kärhanalarynda, Seýdiniň pagta egriji fabriginde önümleriň hili ýokary talaplary kanagatlandyrýar. Döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän önümçilikleri bolan kärhanalar senagat pudagynyň ösüşlerini ilerledýär. Fabriklerde ýerli çig malyň hasabyna öndürilýän ýüplük önümleri dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hili bilen aýratyn tapawutlanýar. Işe girizilen dessine fabrikler meýilleşdirilen kuwwatlylygynyň derejesinde işläp başladylar. Bu bolsa Russiýa, Polşa, Türkiýe, Ermenistan ýaly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygymyzyň pugtalanmagyna ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň