Soňky habarlar

Arhiw

Owganystanda 100 adam dereksiz ýitdi

17:2116.08.2022
0
2675
Owganystanda 100 adam dereksiz ýitdi
Surat: aa.com.tr

Owganystanda sil joşgunlary sebäpli 31 adam pida boldy, 17 adam şikes aldy, ýene 100 töweregi adamyň ykbaly nämälimligine galýar, olar gözlenilýär diýip, «MIR 24» habar berýär.

Heläkçilige birbada owgan ülkeleriniň birnäçesini basan güýçli çabgalar sebäp boldy. Derýalarda suwuň derejesi dessine ýokarlandy. Tebigy heläkçilik oba hojalyk ekinleriniň 60 müň gektaryny ýok etdi, 200 töweregi öýe zeper ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň