Soňky habarlar

Arhiw

Hindistan ýene 25 ýyldan ösen döwlete öwrüler

16:5316.08.2022
0
2084
Hindistan ýene 25 ýyldan ösen döwlete öwrüler
Surat: all.accor.com

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi öňdäki 25 ýylda ýurduň ösen döwletleriň biri boljakdygyny wada berdi, ol bu barada duşenbede Hindistanyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllygy bilen bagly çykyşynda nygtady diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

«Men ýaşlary öňdäki 25 ýylda öz ykballaryny ýurduň ösüşine bagyşlamaga çagyrýaryn, biz ähli güýjümizi bütin adamzadyň ösüşine bagyşlamalydyrys, Hindistanyň kuwwaty hem şundadyr» diýip, Modi belledi. Ol şeýle-de golaý 25 ýylda Hindistanyň ösüşine ünsi jemlemegiň, öz mirasyňa buýsanmagyň we güýjüň birlikdedigine düşünmegiň, şeýle-de gulçulygyň galyndylaryny aradan aýyrmagyň wajypdygyny aýtdy.

Ýurduň millionlarça ýaşaýjysy Hindistanyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllygyny baýram etdi. Milli baýdaklar ýaşaýyş öýleridir kärhanalaryň üstünde dikildi. Hindistanyň Mejlisiniň binasy, Prezident köşgi, milli ýadygärliklerdir beýleki hökümet binalary baýramçylyk yşyklaryna beslendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň