Soňky habarlar

Arhiw

Stambulda güýçli çabga binalaryň birinji gatyny gark etdi

15:5616.08.2022
0
1948
Stambulda güýçli çabga binalaryň birinji gatyny gark etdi
Surat: centralasia.media

Stambulda güýçli ýagynlar ulaglaryň hereketini bozdy, çabgalar sebäpli şäheriň taryhy bölegindäki Grand-bazarydyr Müsür bazary suwa gark boldy. Bu barada TRT teleýalymy habar berdi diýip, «Izwestiýa» ýazýar.

Ejir çekenleriň sany anyklanýar, pida bolanlar barada habar ýok.

Stambuluň ýewropa bölegi ygaldan has-da ejir çekdi. Teleýaýlym ulaglaryň hereketi üçin kynçylyk dörändigini habar berdi. Eminenýu, Saryýer we Beýkoz etraplarynda ýaşaýyş öýleriniň birinji gatlaryny we ýerasty ötükleri suw basdy, Bosforyň golaýyndaky etraplaryň birinde garbanyşhananyň diwary ýykyldy, deslapky maglumata görä, ol ýerde bir adam galdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň