Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» kärhanasy mekdep okuwçylarynyň aýakgaplaryna arzanladyş yglan etdi

09:0916.08.2022
0
13236
«Röwşen» kärhanasy mekdep okuwçylarynyň aýakgaplaryna arzanladyş yglan etdi

Türkmenistanda aýakgap önümçiliginde öňdebaryjylaryň biri bolan «Röwşen» aýakgap kärhanasy dükanlarynda täze okuw ýylynyň bosagasynda mekdep okuwçylary üçin niýetlenen aýakgaplaryň ählisine arzanladyş yglan etdi.

Kärhananyň hakyky tebigy deriden taýýarlaýan harytlaryny indi islendik adam 30-40 % arzan bahadan satyn alyp biler. Bu bolsa täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda çagalaryny mekdep egin-eşikleri bilen üpjün edýän ene-atalar üçin tygşytly çözgütdir. Raýatlar kärhananyň islendik dükanyndan 29 — 39 aralygyndaky ölçegli aýakgaplary arzan bahadan satyn alyp bilerler.

«Röwşen» kärhanasynyň önümlerini ýurduň Aşgabat, Mary, Balkanabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Daşoguz hem-de beýleki birnäçe şäherlerinde ýerleşýän dükanlaryndan satyn alyp bolýar. Aýakgaplary (+993 12) 21 63 06, (+993 64) 14 14 19 telefon belgilerine jaň edip ýa-da kärhananyň resmi saýtyndan sargyt edip bolýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň