Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmegi öňe sürýär

15:1915.08.2022
0
1547

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün öz işine başlan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşyjylara wideoýüzlenmesini iberdi. Döwlet Baştutany wideoýüzlenmesinde:

– Dünýä ykdysadyýetinde agdyklyk edýän häzirki zaman ýagdaýlarynyň seljermesi ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm we aýgytly ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär – diýip belleýär.

Şu nukdaýnazardan, täze ulag-üstaşyr merkezleriniň mümkinçilikleri örän uludygy bellenildi. Olara ägirt giňişlikler, adam mümkinçilikleri çekilýär, düýpli maýa goýumlary goýulýar. Bularyň hemmesi ulag ulgamyny dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiň hereketlendirijisiniň birine öwürmäge mümkinçilik döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň