Demokratik özgertmeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

06:5714.04.2015
0
2772

13-nji aprelde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili jenap Terri Marianiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady, şol sanda milli kanunçylyk ulgamyndaky düýpli özgertmeleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Häzirki döwürde halkymyzyň bähbidiniň goralmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen demokratik özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Abraýly halkara guramasynyň wekiliýetiniň agzalary milli kanunçylygyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýän hukuk özgertmeleriň wajyp ugurlary bilen tanyşdyryldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we ÝHHG-niň netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändiklerini belläp, parlament edaralaryny ösdürmek ulgamyndaky netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy barada aýtdylar.

Wekiliýetiň Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynda  olaryň “ÝHHG-niň Parlament assambleýasy: mandat, işiň ugurlary we möhüm meseleler”  ady bilen geçirilýän maslahata hem-de Türkmenistanyň Milli gyzyl ýarymaý jemgyýetinde geçiriljek duşuşyga gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň