Soňky habarlar

Arhiw

Ykdysady syn: Türkmenistan we deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar

12:2815.08.2022
0
2034

Habar berşimiz ýaly, şu gün «Awaza» kongresler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady. Mälim bolşy ýaly, bu forumy geçirmek başlangyjyny 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary döwletlerde ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň şol wagtky Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürdi. Şu gün Awazada ýokary guramaçylyk derejesinde öz işine başlan iki günlük halkara foruma dünýä döwletleriniň 39-syna, halkara guramalaryň 34-sine wekilçilik edýän wekiller gatnaşýarlar.

Eýsem-de, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar, olaryň mümkinçilikleri barada nämeleri bilýäris?!

Ýurtlaryň ösüş mümkinçilikleri köp ýagdaýlarda olaryň geografik taýdan ýerleşişine-de baglydyr. Dünýäde deňze göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň 43-si bolup, olaryň deňiz üsti bilen amala aşyrylýan ulag hyzmatlaryndan arzan we bähbitli peýdalanmaga mümkinçiligi çäklidir. Bu ýurtlaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary köp halatlarda deňze çykalgasy bolan goňşy döwletleriniň içerki ösüş derejesine, üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerine, şol sanda syýasy ýagdaýlaryna bagly bolup durýar. Ýewropanyň ösen ýurtlarynyň birnäçesi, şol sanda Awstriýa we Şweýsariýa hem deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlardygyna garamazdan, öz üstaşyr ulag meselelerini sebitiň ulag ulgamy boýunça ýokary derejede ýerüsti hyzmat edýän pudaklarynyň hasabyna çözýärler. Şeýle-de käbir ýurtlar bilen deňeşdirilende, Ýewropada ýola goýlan köpugurly, göni bolmasa-da, deňze çykalgasy bolan derýalaryň üsti bilen gatnawlar bar. Afrikada, Aziýada, Ýewropada we Günorta Amerikada hem ilatynyň umumy sany 440 million adama barabar bolan, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň 32-si bar. Olaryň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary goňşy döwletleriň üstaşyr geçelgelerine garaşly bolýar. Goşmaça serhetler, esasy nokatlara, ýagny bazarlara harydy alyp barýança uzak aralyklary geçmek bilen birlikde, kynçylykly üstaşyr geçiriji düzgünleri berjaý etmek, biri-birine meňzeş bolmadyk hyzmat edýän nokatlardaky bökdençlikler, ulag hyzmatyna çykarylýan ummasyz çykdajylar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bazar ykdysadyýetindäki ornunyň peselmegine, ykdysady ösüş depginine, olaryň durnukly ösüşi üpjün etmek ukybyna ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu ýurtlar ýükleri daşamak üçin goňşy döwletleriň üstaşyr geçelgelerine garaşly bolýarlar, munuň özi eksport we import edilýän harytlaryň başlangyç bahalarynyň ýokary göterilmegine alyp barýar. Şeýlelikde, daşarky bazarlar bilen bäsdeşlik etmek üçin bu ýurtlar mejbury ýagdaýda önümleriniň bahalaryny peseldip, import edilýän harytlary gymmat bahadan satyn almaly bolýarlar. Deňizden uzakda ýerleşýän ýurtlar ýük daşamak üçin köp wagt hem-de pul serişdesini sarp edýärler. Sebitde goňşy döwletleri özara birleşdirýän, üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga şertleri döredýän infrastrukturalaryň bolmazlygy ýükler resmileşdirilende, gümrük bilen bagly birnäçe işler amala aşyrylanda, olaryň serhetden bökdençsiz geçirilmeginde päsgelçilikleriň döremegine getirýär.

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, deňizden uzakda ýerleşýän ýurtlaryň ýük daşamak üçin sarp edýän wagty, ortaça deňiz kenarynda ýerleşýän ýurtlaryňka garanyňda, iki esse köpdür.

Şu günki «Türkmenistan» gazetinde hem bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ýük daşaýjylary köp halatlarda goşmaça wagt ýitirmek bilen birlikde, serhetlerden geçmek üçin goşmaça administratiw ýygynlary hem tölemäge mejbur bolýarlar. Şunlukda, bu ýurtlardan import edilýän harytlary daşamaga çykarylýan çykdajy deňiz ýakasynda ýerleşýän döwletleriň bahalaryndan ortaça iki esse ýokarydyr.

2003-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň we üstaşyr geçelge hasaplanýan ösüp barýan döwletleriň, maliýeleşdirmek hem-de ösüş meseleleri bilen meşgullanýan edaralaryň halkara maslahatynda Hereketleriň Almaty maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ol täze ählumumy çäklerde üstaşyr geçirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekde döwletleriň ýörite talaplaryny kanagatlandyrmak maksady bilen kabul edildi. Şeýle-de bu maksatnama üstaşyr ulag geçirijileriniň amallaryny düzgünleşdirmek, demir ýol torlarynyň hyzmatdaşlygyny goldamak, özara haryt dolanyşygyna goldaw bermek ugurlarynyň hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilendir. Ol deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda esas bolup, 2003 — 2013-nji ýyllarda hereket etdi. Bu döwletleriň 2014 — 2024-nji ýyllar üçin kabul edilen Hereketleriň Wena maksatnamasy bolsa agzalan resminamanyň logiki dowamy bolup durýar. Ol deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-sinde amala aşyrylýar.

Maglumat üçin belläp geçsek, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk bilen bagly Kararnamalaryň dördüsi kabul edildi. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Şu gün Awazada öz işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty hem Aşgabat duşuşygynyň özboluşly dowamydyr.

Agzalan makalada bellenilişi ýaly, Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen bilelikde Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz ugry boýunça Gara deňze çykmak arkaly, Gruziýa, Türkiýä, Rumyniýa we beýleki döwletlere uzaýan ulag geçelgeleri boýunça degişli işleri geçirmäge taýýardygyny mälim edýär. Yklymlaýyn ulag geçelgelerini köpugurly esasda ösdürmegiň çäklerinde Merkezi Aziýa — Hytaý ugry boýunça demir ýol gatnawlarynyň mümkinçiliklerini hem işjeň öwrenýär we bu işe aýratyn ähmiýet berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň